2025-nji ýyl dünýä syýasatynda uly özgerişleriň, täze saýlawlaryň we taryhy sammitleriň geçirilen ýyly boldy. ABŞ-daky häkimiýet çalşygyndan başlap, Ýewropadaky möhletinden öňki saýlawlara, şeýle hem kosmos barlaglaryndaky täze sepgitlere çenli köp sanly wakalar geljekki onýyllygyň ugruny kesgitledi. Aşakdaky hronologiýada 2025-nji ýylyň iň ähmiýetli syýasy, jemgyýetçilik we ylmy wakalary barada gysgaça maglumat berildi.
1-nji ýanwar. Bolgariýa we Rumyniýa Şengen zolagynyň doly hukukly agzalary boldy.
Polşa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmek gezegini Wengriýadan kabul edip aldy.
6-njy ýanwar. ABŞ-nyň Kongresi Donald Trampyň ýeňşini tassyklady.
12-nji ýanwar. Horwatiýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilip, ýurduň Prezidenti Zoran Milanowiç ikinji möhlete gaýtadan saýlandy.
20-nji ýanwar. ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi.
26-njy ýanwar. Belarusda Prezident saýlawlary geçirilip, Prezident Aleksandr Lukaşenko ýeňiş gazandy.
12-nji fewral. Gresiýada Prezident saýlawlarynyň jemleýji dördünji tapgyry geçirildi. Konstantinos Tasulas Prezident saýlandy.
23-nji fewral. Germaniýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi. Fridrih Mersiň ýolbaşçylygyndaky «Hristian-demokratik bileleşigi» (HDB) uly aratapawut bilen ýeňiş gazandy.
2-nji mart. Amerikanyň «Firefly Aerospace» kompaniýasynyň «Blue Ghost» kosmos apparaty Aýyň üstüne ýumşak gonuşy amala aşyrdy.
9-njy mart. Mark Karni Kanadanyň «Liberal» partiýasynyň lideri we Kanadanyň Premýer-ministri wezipesine bellenildi.
13-nji mart. Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasyň kasam kabul ediş dabarasy boldy.
13-nji aprel. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO 2025: Bütindünýä sergisiniň» açylyş dabarasy geçirildi.
6-njy maý. Olaf Şols wezipesinden çekildi. Fridrih Mers Germaniýanyň täze federal Kansleri boldy.
8-nji maý. Konklaw amerikaly Robert Brewosty Rim papasy saýlady we ol Lew XIV adyny aldy.
9-njy maý. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi.
11-nji maý. Albaniýada parlament saýlawlary. Edi Ramanyň ýolbaşçylygyndaky häzirki Sosialistik partiýa hökümetde köplügi eýeläp, gaýtadan saýlandy.
13-17-nji maý. Şweýsariýanyň Bazel şäherinde 69-njy «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşigi geçirildi.
18-nji maý. Rumyniýanyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Nikuşor Dan ýeňiş gazandy.
1-nji iýun. Polşanyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Karol Nawroskiý ýeňiş gazandy.
3-nji iýun. Koreýa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawynda Li Çže Mýon ýeňiş gazandy.
15-17-nji iýun. Kanadada G7 ýurtlarynyň 51-nji sammiti geçirildi.
6-7-nji iýul. Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde BRIKS sammiti geçirildi.
6-njy awgust. Karol Nawroskiý Polşanyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişdi.
15-nji awgust. Alýaskada Wladimir Putin bilen Donald Trampyň arasynda gepleşikler geçirildi.
9-njy sentýabr. Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy açyldy.
19-njy oktýabr. Boliwiýada ählumumy saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Rodrigo Pas ýeňiş gazandy.
24-nji oktýabr. Irlandiýada Prezident saýlawlarynda Ketrin Konnolli ýeňiş gazandy.
1-nji noýabr. Müsürde Uly Müsür muzeýiniň açylyş dabarasy boldy.
10-21-nji noýabr. Braziliýanyň Belen şäherinde COP30 (BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky maslahaty) geçirildi.
22-23-nji noýabr. Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde G-20 sammiti geçirildi. Bu Afrikada guralan ilkinji G-20 sammitidir.
14-nji dekabr. Çilide Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Respublikan partiýanyň dalaşgäri Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy.
PDF









