Şweý­sa­ri­ýa­nyň Bern şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä peý­nir baý­rak­la­ry at­ly ýa­ryş ge­çi­ril­di. Her ýyl baş­ga ýurt­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­da ön­dü­ri­ji­ler­den, te­le­ke­çi­ler­den we «af­fi­ne­ur­ler­den» (peý­nir taý­ýar­laý­jy) yba­rat 265 emin ag­zasy­ peý­nir­le­re ba­ha ber­di­. Baş baý­ra­k üçin dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den 5 müň­den gow­rak peý­nir hödürlendi. Emin ag­za­la­ry­nyň ada­lat­ly ba­ha ber­mek­le­ri üçin äh­li peý­nir­ler ady ýa­zyl­maz­dan hö­dür edil­di. Emin­ler peý­ni­riň daş­ky gör­nü­şi­ne, ysy­na we ta­ga­my­na ba­ha ber­di­ler. Ýa­ry­şa gat­naş­dy­ry­lan peý­nir­le­riň ara­syn­da bel­li gör­nüş­ler bi­len bir ha­tar­da, o di­ýen mä­lim bol­ma­dyk, az muk­dar­da ön­dü­ril­ýän dü­ýe süý­dün­den taýýarlanan peý­nir­ler hem bar. Peý­ni­riň je­mi 14 gör­nü­şi fi­nal tap­gy­ry­na çyk­dy. Emin ag­za­la­ry Bern se­bi­tin­de ön­dü­ri­len «gruyère» peý­ni­ri­ni 2025-nji ýy­lyň iň go­wy peý­ni­ri hök­mün­de saý­la­dy­lar. Ýa­ry­şa peýniriň je­mi 46 ýurt­dan 5 müň 244 gör­nü­şi hö­dür­len­di.

Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.