“The New York Times” gazeti her ýyl bolşy ýaly, 2026-njy ýyl üçin iň täsirli syýahatçylyk ugurlarynyň sanawyny düzdi. 2026-njy ýylyň sanawyna syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boljak 52 sany ýurt we şäher girizildi. Sanawyň öň hatarlarynda ABŞ, Warşawa we Bangkok ýaly ýerler durýar. Ilkinji onluga Kosta-Rika, Hindistan we Norwegiýa ýaly ýurtlar goşuldy.
ABŞ ýurduň esaslandyrylmagynyň 250 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli sanawda birinji orny eýeledi. Bu şanly sene mynasybetli ýurtda köp sanly sergiler, Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary we Waşingtonda Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak ägirt uly konsert ýaly çäreler geçiriler.
Ikinji orny Warşawa eýeledi. Muňa şäherdäki Medeniýet köşgünde täze döwrebap sungat muzeýiniň açylmagy we “TR Warszawa” teatrynyň işjeň guramaçylyk işleri sebäp boldy.
Ilkinji üçlügi Bangkok jemleýär. Bu şäher özüniň ajaýyp baglary, döwrebap sungat merkezi we täze keşbe giren taryhy Wat Çaýwatthanaram ybadathana toplumy bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Sanawa, şeýle hem, Kosta-Rikadaky Osa ýarym adasy, Hindistandaky “Bandhawgarh” gaplaňlarynyň goraghanasy we dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek Dallas şäheri girizildi. Beýleki gyzykly ugurlaryň arasynda Alžiriň Oran şäheri we 100 ýyllygy bellenilýän ABŞ-nyň meşhur “Trassa 66” (Route 66) ýoly bar.
Žurnal syýahatçylara Arizonadaky “Sidewinder” künjegine, Oklahomadaky “Gök kit” installýasiýasyna we Nýu-Meksikodaky taryhy “El Rancho” myhmanhanasyna üns bermegi maslahat berýär.
Syýahatçylar üçin beýleki özüne çekiji ýerleriň arasynda Karib deňzindäki Saba adasy, Barselonanyň Poblenou kwartaly, Nepalyň dag ýodalary, Germaniýadaky Baýroýt opera festiwaly we Kanadanyň uçut daglarynyň (Rocky Mountains) eteklerine otluly syýahat bar.
Şeýle-de, sanawa Awstraliýanyň Top-End sebiti, Malaýziýanyň Penang adasy, Ýaponiýanyň Nagasaki şäheri, Italiýanyň Çerwiniýa dag-lyža kurorty, Çiliniň Frouard burny, Seýşel adalary, Norwegiýanyň Trena adalary, Melburn, Ermenistan, Islandiýa we Wýetnam girizildi.
PDF









