Her ýylyň iýun aýynyň 21-i Halkara ýoga güni hökmünde bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda 21-nji iýuny – Halkara ýoga güni hökmünde bellemek hakynda kararnama kabul etdi. Şu gün dünýäniň ähli ýerinde Halkara ýoga güni mynasybetli çäreler guralýar. Häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreşiň alnyp barylýan döwürde Halkara ýoga güni “Ýoga adamlaryň saglygyny gowulandyrýar” atly çäreler guralýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 2018–2030-njy ýyllardaky bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça meýilnamasynda saglygy gowulandyrmak boýunça çäreleriň biri hökmünde ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýär. Ýoga ähli adamlaryň beden taýdan taplanmagyna, işjeň bolmagyna we çeýeligi ýokarlandyrmaga kömek eder. Ýoga Hindistanda dörän gadymy fiziki, akyl we ruhy tejribedir. “Ýoga” sözi sanskrit dilinden gelip çykyp, “baglanyşyk” diýen manyny berýär. Ýagny ol beden bilen aňyň birleşmegini häsiýetlendirýär.

Röwşenbek ORUNOW,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.