Ultramarafon ady bilen geçirilýän 24 sagatlyk ylgaw bäsleşigine dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleriň 170-si gatnaşdy. Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen ylgaw ýaryşynda türgenler 24 sagatlap durman ylgadylar. Ýaryşda 24 sagadyň dowamynda 264,9 kilometri geçmegi başaran ukrainaly Andreý Tkaçuk ýeňiiji boldy. Ikinji orny ýerli – ispaniýaly Nikolas de Las Heras Monforte eýeläp, ol 24 sagadyň dowamynda 251,2 kilomter ylgamagy başardy. Münberiň üçünji basgançagyna-da türkiýeli Aýkut Çeliktaş çykdy. Ol bir sutkanyň dowamynda 231,1 kilometrlik aralygy ylgamagy başardy.
18 müň kaloriýa ýakdylar
Türgenler ýaryşyň dowamynda bedenlerinde 18 müň kaloriýany ýakyp harçladylar. Ýaryş şäherdäki 437 metrlik ylgaw meýdançasynda geçirildi. Ýaryşyň netijesinde gazanylan umumy girdeji hassahanalardaky näsaglaryň, esasan hem çagalaryň moral taýdan gowulanmagy üçin dürli çäreleri guraýan “Pallapupas” haýyr-sahawat toparynyň gaznasyna geçirildi.