“Awstraliýa Açykda” 10 çempionlygy bolan Nowak Jokowiç ilkinji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy. Ol 38 ýaş  “Awstraliýa Açykda” finala çykan iň ýaşuly, şol sanda “Uly tuwalgalarda” finalda çykan iň ýaşuly 2-nji tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Jokowiç 81-nji gezek “Uly tuwalga” ýaryşyna gatnaşyp, bu ugurda Rojer Federer bilen Felisiano Lopesiň rekordyna şärik boldy. 21-nji gezek “Awstraliýa Açykda” çykyş edip, bu ugurda-da Federeriň rekordyny gaýtalan Jokowiç çärýek finalda “Awstraliýa Açykdaky” 103-nji ýeňşini gazanmak bilen Federeriň rekordyny täzeledi. 24 “Uly tuwalganyň” eýesi bolan Jokowiç 25-nji kubogy üçin çykan 2 finalynda-da ýeňildi. Ol 24-nji çempionlykdan soň 5 gezek (4-si geçen ýyl) ýarym finalda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

“Awstraliýa Açykda” 2013-nji ýyldan soň ilkinji gezek öňdäki 4 tennisçi-de ýarym finala çykmagy başardy. Jokowiç ýarym finalda soňky 2 ýylyň çempiony Ýannik Sinnerden üstün çykdy. Alkaras bolsa germaniýaly Aleksander Zwerewi 5 sagat 27 minutlap dowam eden oýunda 5 setiň netijesinde ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşyk ýaryşyň çäginde iň uzak wagtlap dowam eden 3-nji duşuşyk diýlip bellige alyndy.