«Air France-KLM» awiakompaniýa topary geçen ýyl 26,4 milliard ýewro girdeji we 0,7 milliard ýewro arassa peýda gazanandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň howa gämilerindäki ýolagçy sanynyň 2019-njy ýyldakynyň 85 göterimine barabar bolandygy mälim edildi. Uçarlardaky ortaça dolulyk 84 göterim bolupdyr. «Air France-KLM» topary arzan bahaly hyzmat hödürleýän «Transavia»-ny hem hasaba alanyňda geçen ýyl 83 milliondan gowrak ýolagçy gatnadypdyr. Bu görkeziji 2021-nji ýyldakydan iki esse köp.
Gülnur JORAÝEWA,
Saýat etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň mugallymy.
PDF









