UEFA Ýewropa Ligasynda 2-nji duşuşyklar geçirilip, 6 topar 2-nji ýeňşini gazandy. Şonça klub hem bu tapgyrda-da ýeňlişe sezewar boldy. Bu tapgyr myhmanlaryň ýeňşi bilen ýatda galar. 9 duşuşykda, ýagny oýunlaryň deň ýarysynda myhmançylykdaky toparlar ýeňşini baýram etdi. Diňe 1 oýun deňlikde tamamlandy.

Ýaryşyň faworitlerinden “Roma” öz meýdançasynda “Lillden” 1-0 hasabynda utuldy. Haraldssonyň 6-njy minutdaky goluna rimliler 85-nji minutda jogap bermäge golaý geldiler. Eminiň bellän penaltisi düzgün bolandygy üçin 3 gezek ýerine ýetirildi. Ilkinji 2-sini Artem Dowbyk, soňkusyny-da Sule dürs urup bilmedi. 3 urguny-da Lilliň derwezeçisi Berke Özer halas etmegi başardy.

Rotterdamda “Feýenoord” topary “Aston Willa” bilen duşuşyp, 2-0 hasabynda ýeňildi. Iňlis klubunyň gollaryny Buendia (61) bilen MakGinn (79) derwezä girizdi.

“Fenerbahçe” topary Kerem Aktürkoglunyň 3-nji we 25-nji minutlarda geçiren gollary esasynda “Nissa” toparyny 2-1 hasabynda utdy.

“Porto” öz meýdançasynda “Srwena Zwezda” toparyny oýnuň ahyrlarynda geçiren goly esasynda 2-1 ýeňmegi başardy (Gomes 8 p, Mora 89 – Kostow 33).

Şotland toparlarynyň şowsuzlygy dowam edip, Glazgo şäheriniň iki köne bäsdeş topay bu tapgyrda ýeňiş gazanyp bilmedi. “Seltik” öz meýdançasynda “Bragadan” 2-0, “Reýnjers” myhmançylykda “Şturm Grasdan” 2-1 hasabynda ýeňildi.

“Nottingam Forest” toparynyň täzelikde bellenen tälimçisi Anj Postekoglu entek ýeňiş gazanyp görmedi. Öz meýdançasynda “Midtýullandan” 3-2 hasabynda asgyn gelen “Nottingam Forest” awstraliýaly hünärmeniň tälimçiligindäki 6 oýunda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

 

2-nji duşuşyklaryň netijeleri:

Roma – Lill: 0-1

Bolonýa – Fraýburg: 1-1

Seltik – Braga: 0-2

Wiktoriýa Plzen – Malmö: 3-0

Fenerbahçe – Nissa: 2-1

FKSB – Ýang Boýz: 0-2

Panatinaikos – Gou Ehed Iglz: 1-2

Ludogores Razgrad – Betis: 0-2

Brann – Utreht: 1-0

Bazel – Ştutgart: 2-0

Porto – Srwena Zwezda: 2-1

Feýenoord – Aston Willa: 0-2

Genk – Ferenswaroş: 0-1

Makkabi T – Dinamo Zagreb: 1-3

Nottingam Forest – Midtýullan: 2-3

Lion – RB Salsburg: 2-0

Selta – PAOK: 3-1

Şturm Gras – Reýnjers: 2-1