Tebigatda beden gurluşy we ýaşaýyş aýratynlygy bilen tapawutlanýan janly-jandarlaryň birnäçesi duş gelýär. Alymlar osminogyň Ýer ýüzündäki iň täsin jandarlaryň biridigini belleýärler. Deňizlerde ýaşaýan sekiz aýakly osminogyň üç ýüreginiň bolmagy hemmeleri haýran galdyrýar. Suwasty dünýäniň iň çydamly ýaşaýjysy hasaplanýan osminog çeýe beden gurluşyna eýedir. Ýörite gan aýlanyş ulgamy bolan osminog oňurgasyzlar toparyna degişlidir. Osminoglar suwuň aşagynda dem alýandygy sebäpli ýürekleriniň hersi bir işi (kislorody özleşdirmek, kislorody içki beden agzalaryna çalt paýlamak we gan aýlanyşyny üpjün etmek) ýerine ýetirýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu jandaryň gany gök reňkde bolýar.
Osminogyň üç ýürekli gan aýlanyş ulgamy deňziň aşa çuň ýerlerinde dem almaga, çaltlyk bilen aw awlamaga we ýyrtyjylardan gaçmaga ýardam edýär. Ullakan gözli bu jandaryň ýene bir aýratynlygy dokuz sany beýnisiniň bolmagydyr. Biri merkezi beýni bolup, sekizisi aýaklarynyň ujunda ýerleşýär. Bu jandar hem edil hameleon ýaly 30 millisekundyň içinde derisiniň reňkini we gurluşyny üýtgedip bilýär. Osminoglar sagatda 40 kilometr tizlik bilen ýüzüp bilýärler. 3 ýyla çenli ýaşaýan bu jandar 330 million ýyldan gowrak wagt bäri deňizlerde ýaşaýar. Osminoglar biynjalyk bolanda öz aýaklaryny iýip bilýärler. Sekiz aýakly jandar diňe duzly suwda ýaşap bilýär. Bu jandarlar mollýuska, leňňeç we ownuk balyklar bilen iýmitlenýärler.
PDF









