Tä­sin mi­we

Tä­sin mi­we­le­riň sa­na­wy do­wam ed­ýär. Ýa­po­ni­ýa­da, Hy­taý­da we Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­gar se­bi­tin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu­şu­kan mi­we­si os­mi­no­ga meň­zeş daş­ky gör­nü­şi bi­len hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bar­ma­ga meň­zeş uzyn ösünt­gi­le­ri bo­lan bu mi­we yl­my dil­de «Cit­rus me­dica var. sarcodacty­lis» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.
Ata Wa­ta­ny Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ha­sap­lan­ýan bu mi­we halk ara­syn­da «Bud­da­nyň eli» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Mi­wä­niň uzyn­ly­gy 15-30 san­ti­met­re, ag­ra­my 450 gra­ma çen­li ýet­ýär. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 300-nji ýyl­da tä­sin mi­we Ri­me ge­ti­ri­lip­dir. Bi­ler­men­ler os­mi­no­ga meň­zeş mi­wä­niň şol dö­wür­ler iň gym­mat mi­we bo­lan­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Se­bä­bi beý­le­ki sit­rus mi­we­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, bu­şu­kan­da süýüm we şi­re ýok, iç­ki bö­le­gi hem ajy däl. Bu bol­sa, mi­wä­niň tu­tuş­ly­gy­na iý­lip bi­lin­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Hoş­boý ys­ly mi­we çig­li­gi­ne iýil­mek bi­len bir ha­tar­da, atyr ýa­sa­mak­da, luk­man­çy­lyk­da we aş­pez­çi­lik­de peý­da­la­nyl­ýar. Bu mi­we­den meş­hur süý­jü­lik­ler, de­sert­ler, iç­gi­ler we mar­me­lad taý­ýar­la­nyl­ýar. Azi­ýa ýurt­la­ryn­da «Bud­da­nyň eli» mi­we­si bagt we uzak ömür di­le­me­giň ala­ma­ty bo­lup, sow­gat hök­mün­de be­ril­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ga­dy­my Hy­taý­da adam­lar bu mi­wä­niň ga­by­gy­ny ys be­ri­ji hök­mün­de ula­nyp, ýuw­lan egin-eşik­le­ri­niň ara­sy­na go­ýup­dyr­lar.
Hä­zi­ri­ki wagt­da Gün­do­gar Azi­ýa­da­ky daý­han­lar bu mi­wä­ni al­ty gör­nüş­de ta­pa­wut­lan­dyr­ýar­lar. Sa­ry mi­we li­mon aga­jy­na meň­zeş gy­rym­sy agaç­da bit­ýär. Ap-ak gül aç­ýan bu agaç ýy­ly we çyg­ly ho­wa­da bit­ýär. Ek­zo­tik mi­we güý­züň ahy­ryn­da ýa-da gy­şyň ba­şyn­da ýe­tiş­ýär. Gyş­da we ýaz­da ba­zar­lar­da el­ýe­ter­li bo­lan bu­şu­kan bar­mak­lar açyl­ýan ýa­ly gör­nü­şe gel­ýär.