Bahar paslynyň golaýlamagy bilen ösümlikler janlanyp, agaçlar pyntyk ýaryp başlaýar. Käbir agaçlardyr güller, eýýäm gül açmak bilen bolýar. Adatça, Aziýa sebitinde badam, ýapon erigi we alça ilkinji gülleýän daragtlar bolup, bahar paslynyň gelendigini habar berýärler. Gyşyň soňky günlerinde garyň astyndan gögerip çykýan galantus güli bolsa, bahar paslynyň buşlukçysy hasaplanýar.
Liliýalar maşgalasyna degişli galantusyň ýigrimiden gowrak görnüşi bar. Bir aý töweregi ömri bolan galantus mart aýynyň ahyrynda gurap başlaýar. Fewral aýynda gül açýan bu ösümlige başgaça «gar güli» hem diýilýär. Galantus garyň üstünde açylyp duran jaňjagaz şekilli ak gülleri bilen täsin we owadan görnüşi emele getirýär. Sogan şekilliler maşgalasyna degişli bolan gar güli üç baldak bolup gögerip çykýar we her baldakdan bir güljagaz açylýar. Ýapragy çigildeme çalym edýän galantus göräýmäge, plastmassadan ýasalan güle meňzeýär. Köp ýurtda bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän ak jaňjagazly gülleriň sogany her 5-6 ýyldan gaýtadan ekilýär. Sowuk howany we gary halaýan bu ösümligiň boýy 10-20 santimetre çenli ýetýär.
Ýewropanyň we Aziýanyň çygly ýerlerinde ösýän galantus şu ýyl 20-nji fewralda gül açdy. Köp halkyň ýerli däp-dessuryna we ynanjyna görä, gar güli umydyň, täzeden dogluşyň hem-de durnuklylygyň nyşany hasaplanýar. Dag eteklerinde we baýyrlyklarda gögerýän «bahar buşlukçysynyň» güli, baldagy we köki halk lukmançylygynda peýdalanylýar. Ýewropada «umyt güli» diýlip atlandyrylýan galantus ýazyjylaryň we suratkeşleriň ylham çeşmesi hasaplanýar.
PDF








