Il­kin­ji SMS ýag­ny gys­ga ha­bar hyz­ma­ty 1992-nji 3-nji de­kabr­da ibe­ri­lip­di. Hä­zir­ki wagt­da komp­ýu­ter­ler­de we mo­bil en­jam­lar­da hat alyş­mak üçin has köp prog­ram­ma bar hem bol­sa, SMS-ler ula­nyş­dan gal­ma­dy. Te­le­fon ar­ka­ly hat iber­mek ne­mes-fran­suz açy­şy bol­sa-da il­kin­ji SMS-i iň­lis­ler iber­ýär.
Şol dö­wür­ler hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bol­ma­dyk el te­le­fon­la­ry ar­ka­ly di­ňe jaň­la­şyp bol­ýar­dy. Il­kin­ji SMS el te­le­fo­nun­dan däl, komp­ýu­ter­den ibe­ril­di. “Voda­fo­ne” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri il­kin­ji bo­lup, “Rož­dest­wo­ňyz bi­len!” ýaz­gy­sy­ny iber­ýär. Bu açy­şy 22 ýaş­ly iň­lis in­že­ne­ri Nil Pap­wort oý­lap tap­ýar. Il­kin­ji SMS-ler ibe­ri­len­de baý­ram­çy­lyk gut­lag hat­la­ryn­dan nus­ga al­nyp­dyr.
SMS ba­ra­da­ky il­kin­ji iş­le­ri bol­sa, 1984-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Poç­ta eda­ra­sy bi­len Fran­si­ýa­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. In­že­ner­ler teks­tiň uzyn­ly­gy­ny hem (160 harp) şo­ňa gö­rä kes­git­läp­dir­ler.
Il­kin­ji peý­da bo­lan wag­ty ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry SMS hyz­ma­tyn­da um­ma­syz gir­de­ji ga­zan­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, giň­den ula­nyl­ýan hem bol­sa, bu hyz­mat tö­leg­siz ýa-da örän ujyp­syz ba­ha­dan hö­dür­len­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýyl­da mil­liard­lar­ça SMS ibe­ril­ýär. Bu hyz­mat di­ňe adam­la­ryň ara­syn­da ha­bar­laş­mak üçin ulan­ýan hyz­ma­ty bol­man, eý­sem, bank-ma­li­ýe ul­ga­myn­da, hal­ka bil­di­riş­le­ri ýe­tir­mek­de hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.

Ýaz­gül Hal­my­ra­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by