UEFA Çempionlar Ligasynda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Mançester Siti” toparyndan 2-1 hasabynda asgyn geldi. Rodrigonyň 28-nji minutdaky goly bilen öňe geçen ispan topary 1-nji ýarym tamamlanmanka O’Reilliniň (35) hem-de Holannyň (43 p) gollaryna çäre tapyp bilmedi. Rodrigo 33 oýunda soň “Realyň” adyndan gol geçirmegi başardy.
Soňky çempion PSŽ myhmançylykda “Atletik Bilbao” bilen golsuz deňme-deň oýnady. Ýeke utuk hem ýitirmän gelýän sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda “Klub Brýuggeni” Madueke (25, 47) we Martinelliniň (56) gollary esasynda 3-0 hasabynda ýeňip, şol statistikany dowam etdirdi. “Arsenal” 1/8 finala çykan ilkinji topar bolady.
“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Pafosdan” Demirgazyk amerikaly futbolçylarynyň MakKenni (67) hem-de Jonatan Dewid (73) gollary esasynda 2-0 hasabynda üstün 2-0 hasabynda üstün çykdy. Edil şol hasap bilen başga bir italýan topary “Napoli” myhmançylykda “Benfikadan” asgyn geldi. Portugal klubuna ýeňiş getiren gollary Rios (20) hem-de Barreiro (49) geçirdi.
“Borussiýa Dortmund” – “Bude-Glimt” (Brandt 18, 51 – Aleesami 42, Hauge 75) hem-de “Baýer” – “Nýukasl” (Guimaraeş 13 ö.d., Grimaldo 88 – Gordon 51 p, Maýli 74) duşuşyklary 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Ýaryşa şowly başlan “Garabag” öz meýdançasynda “Aýaksdan” 4-2, “Wilýarreal” bolsa Ispaniýada “Kopengagenden” 3-2 hasabynda ýeňildi.
Garabag – Aýaks: 2-4
Wilýarreal – Kopengagen: 2-3
Atletik – PSŽ: 0-0
Baýer – Nýukasl: 2-2
Borussiýa Dortmund – Bude-Glimt: 2-2
Klub Brýugge – Arsenal: 0-3
Ýuwentus – Pafos: 2-0
Real Madrid – Mançester Siti: 1-2
Benfika – Napoli: 2-0
PDF









