Niderlandlar Patyşalygynyň Neýmengen şäherinde 3D printer arkaly çap edilen, uzynlygy 29 metre barabar bolan beton köpri ulanmaga berildi. Täzeçil tehnologiýa bilen gurlan bu köpri uzynlygy babatda Şanhaý şäherindäki köprüden (26 metr) ozduryp, birinji boldy. Köpri ýörite ammarda öňünden bölekleýin çap edildi. Soňra bolsa gurluşygy göz öňünde tutulan ýerde ýygnanyldy. 3D printer tehnologiýalarynyň kömegi bilen gurlan köpri üçin adaty görnüşdäki köprä garanyňda, beton iki esse az ulanyldy. Mundan başga-da, täzeçil tehnologiýalar bilen taýýarlanýan köprüler kiçiräk üýtgeşmeler girizmek bilen birnäçe gezek ulanylyp bilner. Şeýlelikde, ölçegleri we dizaýny tygşytlamak mümkin bolýar. Niderlandlar 3D köprüler babatda öňdeligi eýeleýär. Şu ýylyň dowamynda Amsterdamda 3D printer bilen çap edilen ilkinji polat köpri ulanmaga berlipdi. Üç ölçegli çap etmek tehnologiýasy soňky ýyllarda awiasiýa we gurluşyk pudagynda giňden peýdalanylýar. Bu tehnologiýa önümçiligiň bahasyny görnetin azaltmaga ýardam edýär.
Kakabaý KAKABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.