Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň Afrika zolagynda “F” toparçada 2 sany täsin duşuşyk geçirilip, olaryň ikisinde-de 7 gol derwezä girizildi. Toparçanyň lideri Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy myhmançylykda Seýşeller adalarynyň ýygyndysyndan 7-0 hasabynda üstün çykdy. Gollaryň 7-sini hem 7 dürli futbolçy geçirdi.
2-nji ýerde barýan Gabonyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Gambiýanyň ýygyndysyny 4-3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýunda Gabonyň 4 goluny-da ýyldyz oýunçy Pier-Emerik Obameýang derwezä girizdi. Ol 20-nji, 42-nji, 62-nji we 76-njy minutlarda tapawutlandy. Oýnuň tamamlanmagyna 4 minut galanda bolsa Obameýanga gyzyl kart görkezilip, ol meýdançadan kowuldy.
Ýer eýesi Gambiýanyň gollaryny Minteh (23) bilen Sidibeh (45+2, 47) geçirdi.
Şunlukda, duşuşyklaryň tamamlanmagyna 1 oýun galanda, Kot-d’Iwuaryň 23, Gabonyň 22 utugy bar. Soňky tapgyrda Gabon Burundini, Kot-d’Iwuar Keniýany kabul eder.