Italiýanyň Kubogy (Coppa Italia) ýaryşynda ýarym finala çykan toparlaryň ählisi hem belli boldy. Geçen hepdäniň dowamynda “Inter” bilen “Atalanta” topary ýarym finala çykypdy. “Inter” “Torinony”, “Atalanta” bolsa Turin şäheriniň güýçli wekili “Ýuwentusy” ýeňipdi.
Çärýek finalyň beýleki 2 duşuşygynda ýeňijiler oýundan soňky penaltiler arkaly kesgitlendi. “Napoli” bilen “Komonyň arasyndaky duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy (Wergara 46 – Baturina 39 p). Netijede, penaltilerde 7-6 hasabynda üstün çykan “Komo” ýarym finala çykmagy başardy. “Komo” topary 40 ýyldan soň kubok ýaryşynyň ýarym finalçysy bolup, olar soňky gezek 1986-njy ýylda adyny iň gowy 4-lige ýazdyrypdy. Kubogyň geçen ýylky eýesi “Bolonýa” öz meýdançasynda “Lasio” bilen duşuşyp, oýnuň esasy wagty Kastro (30) hem-de Nosliniň (48) garşylyklaýyn geçiren gollary esasynda deňlikde tamamlandy. Penaltilerde 4-1 hasabynda üstün çykan “Lasio” ýarym finala çykdy.
Ýarym finalda “Lasio” bilen “Atalanta”, “Inter” bilenem “Komo” toparlary duşuşarlar. Ýarym finalyň 1-nji oýunlary 4-5-nji martda, jogap duşuşyklary-da aprel aýynyň soňlarynda geçiriler.
PDF









