UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji tapgyryň çäginde sişenbe gününde geçirilen 9 oýunda 43 gol hasaba alyndy. Bu görkeziji UEFA-nyň Çempionlar Ligasy üçin bir günde geçirilen gollaryň sany boýunça rekorda deňdir.

Mundan öňki tapgyrda PSŽ-den asgyn gelen “Barselona” öz meýdançasynda “Olimpiakosa” gol baryny ýagdyrdy. 6-1 hasabynda ýeňiş gazanan katalonlaryň gollarynyň 3-sini Fermin Lopes (7, 39, 76), 2-sini Markus Reşford (74, 79) beýlekisini-de penaltiden Lamin Ýamal (68) geçirdi. Grek klubunyň ýeke-täk goluny 54-nji minutda penaltiden El-Kaabi derwezä girizdi. Ol şol goldan 2 minut öň hem tapawutlanypdy, ýöne gol hasaba alynman, penalti urgusy bellendi. Duşuşykda “Olimpiakos” toparynyň ýarymgoragçysy Santiago Hezze 57-nji minutda gyzyl kart aldy.

Başga bir 6 golly ýeňiş gazanan topar Niderlandlaryň çempiony PSW kluby boldy. Eýndhowende Italiýanyň çempiony Napolini 6-2 hasabynda utdy. Duşuşykda niderland toparynyň gollaryny Bonžurno (35 ö.d.), Saibari (38), Dennis Man (54, 80), Pepi hem-de Driueç (89) geçirdi. Oýunda ilkinji bolup hasaby açan italýan klubunyň 2 goluny hem Skot MakTomineý (31, 86) öz adyna ýazdyrdy. Tälimçilik karýerasy boýunça ilkinji gezek 6 gol geçirden Antonio Konteniň şägirtlerinden Lukka 76-njy minutda gyzyl kart aldy.

Londonda Arsenal” topary Madridiň Atletikosy bilen duşuşyp, garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýunda iňlis topary 4 goly 13 minutyň dowamynda geçirip, olary Gabriel, Martinelli hem-de Gýokereş (2) öz atlaryna ýazdyrdylar. Edil şu hasap bilen Inter hem myhmançylykda Belgiýanyň çempiony Ýunion Sent-Žilluaz toparyndan üstün çykdy. 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, şowly başlan, ýöne soňlugy bilen utulyp gelýän Ýunion Sent-Žilluazyň derwezesinden ýeňiş gollaryny Dumfris, Lautara Martines, Hakan Çalhanoglu hem-de Esposito geçirdi.

Soňky çempion PSŽ myhmançylykda Lewerkuzeniň Baýer toparyny taryhy hasap bilen, 7-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Paçonyň goly bilen başlanan gol geçirilişik 90-njy minutda Witinýa bilen tamamlandy. Parižlilere uly hasaply ýeňiş getiren gollary Paço, Due (2), Kwarasheliýa, Mendeş, Dembele hem-de Witinýa geçirdi. 31-nji minutdan soň meýdançada bir oýunçy kem bolup galan Baýeriň gollarynyň 2-sini hem Aleks Garsiýa derwezä girizdi. Duşuşygyň 25-nji minutynda Grimaldo penaltiden ýerlikli peýdalanyp bilmedi.

Dortmundyň Borussiýasy myhmançylykda Kopengageni 4-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda nemes klubunyň gollarynyň 2-sini Nmeça öz adyna ýazdyrdy.

Mançester Siti toparyna myhmançylykda Wilýarrealden üstün çykmak kyn düşmedi. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan iňlis toparynyň gollaryny Erling Holann bilen Bernardo Silwa geçirdi. Norwegiýaly hüjümçi Holann ähli ýaryşlary hasaba alanyňda yzly-yzyna 12 oýunda tapawutlanyp, bu ugurda Kristiano Ronaldonyň rekordyna şärik boldy.

Ýaryşyň 2 debýutanty Kairat bilen Pafosyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. 4-nji minutdan soň 1 oýunçy kem oýnan Pafos toparynda Korreia gyzyl kart aldy.

 

Barselona – Olimpiakos: 6-1 /Fermin Lopez 7, 39, 76, Ýamal 68 p, Reşford 74, 79 – El Kaabi 54 p/

Kairat – Pafos: 0-0

Arsenal – Atletiko Madrid: 4-0 /Gabriel 57, Martinelli 64, Gýokereş 67, 70/

Baýer – PSŽ: 2-7 /Garsiýa 38 p, 54 – Paço 7, Due 41, 45+3, Kwarasheliýa 44, Mendeş 50, Dembele 66, Witinýa 90/

Kopengagen – Borussiýa D: 2-4 /Anton 33 ö.d., Dagason 90 – Nmeça 20, 76, Bensebaini 61 p, Silwa 87/

Nýukasl – Benfika: 3-0 /Gordon 32, Barns 70, 83/

PSW – Napoli: 6-2 /Buonžorno 35 ö.d., Saibari 38, Man 54, 80, Pepi 87, Drioş 89 – MakTomineý 31, 86/

Ýunion Sent-Žilluaz – Inter: 0-4 /Dumfris 41, Lautara Martines 45+1, Çalhanoglu 53 p, Esposito 76/

Wilýarreal – Mançester Siti: 0-2 /Holann 17, Bernardo Silwa 40/