Geçen ýylyň maý aýynda Alžire gaçan meteorit daşynyň 4,565 milliard ýyl ozal emele gelendigi anyklandy. Fransuz alymlary birnäçe wagtdan bäri bu daşyň ýaşyny öwrenmek üçin iş alyp barýardylar. Fransiýanyň Günbatar Bretani uniwersitetiniň hünärmeni Jean-Aliks Barrat meteoryň başga bir planetadan bölünip aýrylandygyny mälim etdi. Bu meteorit barada taýýarlanan maglumatda meteoritiň häzire çenli iň gadymy daş bölegidigi bellenilýär.
Arslan BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.