Dünýä Ralli çempionatynda (WRC)  möwsümiň iň soňky, 13-nji ýaryşy Italiýanyň Algero şäherinde geçirildi. Ýaryşda 306,92 kilometr aralygy 3 sagat 24 minut 57 sekuntda tamamlan “Toyota Gazoo” toparynyň şwesiýaly sürüjisi Oliwer Solberg ýeňiji boldy. Bu onuň bassyr 2-nji, möwsümdäki 3-nji ýeňşidir. Ýöne bu ýeňiş onuň çempion bolmagy üçin ýeterlik bolmady.

Ýaryşda 5-nji ýeri eýeläp, 13 utuk gazanan “Toyota Gazoo” toparynyň başga bir sürüjisi, britaniýaly Elfin Ewans çempion bolmagy başardy. Ol 243 utup toplap, Solbergden 5 utuk öňe saýlandy we karýerasy boýunça ilkinji gezek Dünýä Ralli çempionatynyň çempiony boldy.

Bu ýaryşdan 3 sürüjiniň çempion bolmak mümkinçiligi bardy. Elfin Ewansyň 230, Sarri Paýariniň 213, Oliwer Solbergiň 209 utugy bardy. Soňky ýaryşda Solberg 1-nji ýeri eýeläp 29 utuk aldy. Ewans 5-nji orna mynasyp bolup, 13 utuk gazandy. Paýari 24 utuk toplady. Netijede, Ewans 243 utuk bilen möwsümi çempionlyk bilen tamamlady. Olberg 238, Paýari 237 utuk bilen 2-3-nji orunlary paýlaşdylar.

Ewans şu möwsümde bary-ýogy 2 ýaryşda ýeňiji boldy. Ýöne ol umumylykda 10 ýaryşda öňdäki 5-lige düşüp, yzygiderliligini saklamagy başardy.

37 ýaşyndaky Ewans karýerasy boýunça Dünýä Ralli çempionatynda 11 bäsleşikde ýeňiş gazandy. 2007-nji ýyldan bäri Dünýä Ralli çempionatyna gatnaşyp gelýän Ewans 2020-nji ýyldan bäri 5 gezek möwsümi 2-nji orunda tamamlady. Ol Dünýä Ralli çempionatynda çempionlyk gazanan 23-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy. Ol Kolin MakRae hem-de Riçard Börnsden soň çempionlyk gazanan 3-nji britaniýaly, ilkinji uelsli sürüji boldy.

Şu möwsümdäki 13 ýaryşyň 12-sinde “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri ýeňiş gazandy. Soňky 8 ýylda 7-nji gezek “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri çempion bolup, 2024-nji ýylda “Hyundai” toparynyň wekili çempion diýen ady eýeläpdi.