1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije bolan Aşgabat ýertitremesi ýurdumyzyň taryhyna iň agyr we weýrançylykly sahypa bolup ýazyldy. Gijäniň bir wagty – sagat 01:17 töwereginde gopan elhenç tebigy apat birnäçe sekuntyň dowamynda şäheri harabalyga öwürdi. Adamzat taryhynda iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biri hökmünde hasaba alnan bu waka müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi, ençeme maşgalany ojaksyz, çagalary ýetim goýdy. Şol agyr gije ýüze çykan heläkçilik adamlaryň ýüregine hiç wagt bitmejek ýara saldy.
Şeýle agyr pursatlarda hem türkmen halky özüniň jebisligini, mertligini, aslyna wepalylygyny hem-de birek-birege ýardam goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgelerini bütin dünýä görkezdi. Pajygaly heläkçiligiň ilkinji günlerinden başlap, ýurtda giň gerimli halas ediş işleri ýola goýuldy, halkymyz bu ugurda hakyky gaýduwsyzlyk hem-de janypkeşlik görkezdi. Aman galanlar birek-birege goldaw berip, harabaçylyklaryň astynda galan adamlary halas etmek üçin gije-gündiz zähmet çekdiler. Ulular, ýaşlardyr ýetginjekler tarapyndan alnyp barlan ynsanperwerlik hem-de dikeldiş işleri halkymyzyň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň we merdanalygynyň şübhesiz subutnamasy boldy. Hiç bir ynsan şol agyr günlerde ýeke-ýalňyz galmady, çünki bu ýowuz betbagtçylyk ähli türkmen halkyny bir maşgala kimin berk jebisleşdiripdi.
Aşgabat özüniň harabalyklaryndan täzeden galkyp çykdy. Paýtagtymyzy täzeden dikeltmek we abadanlaşdyrmak ugrunda döwrüň talabyna laýyklykda ägirt uly tagalla edildi. Ýöne şol gijäniň ýatlamasy ildeşlerimiziň ýüreginde müdimi galdy. Ýer titremesinde pida bolan ildeşlerimiz hiç wagt ýatdan çykarylmaýar, olaryň ýagty ýadygärligi halkymyzyň ýüreginde ebedi ýaşaýar.
Bu günki gün Berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşleri her bir türkmen raýatynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny döredýär. Häzirki wagtda ösüşleriň we parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan paýtagtymyzyň gözelligi her bir adamyň göwnüni galkyndyrýar. Ak mermere beslenen täze binalary, giň hem arassa köçeleri, bag-bakjaly seýilgähleri bilen Aşgabat dünýäniň iň owadan, asuda hem-de abadan şäherleriniň birine öwrüldi. Bu bolsa ata-babalarymyzyň wesýet eden jebislik ruhunyň hem-de zähmetsöýerliginiň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Taryhyň agyr synaglaryndan mertlik bilen geçen türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren bagtyýar zamanasynda ýaşaýar, gurýar, döredýär. Berkarar döwletde bagtyýar durmuşyň hözirini görýän halkymyz mundan beýläk-de ösüşlere, parahatçylyga we rowaçlyga tarap ynamly ädimler bilen öňe gitmegini dowam etdirer.
Şadurdy SADYKOW,
Etrek etrabyndaky Magtymguly adyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
PDF








