Amerikanyň Milli basketbol ligay NBA-da 79-njy möwsümiň çempiony belli boldy. Final duşuşyklarynyň 7-nji oýnunda “Oklahoma Sti Tander” topary öz meýdançasynda “Indiana Peýsersden” 103:91 hasabynda üstün çykyp, taryhy çempionlyk gazandy.
Duşuşygyň 1-nji çärýeginde “Indiana Peýsersiň” ýyldyzy Taýreze Halibörton şikes alyp, oýundan çykdy. Muňa garamazdan, toparlar “Indiana Peýsersiň” 48:47 üstünliginde uly arakesmä çykdylar. Ýöne 3-nji çärýekde “Oklahoma Siti Tander” ýyldyzlarynyň erjel oýny bilen öňe geçip, 4-nji çärýekde-de şol üstünligini saklamagy başardy. Netijede, 103:91 hasabynda ýeňiş gazanan “Oklahoma Siti Tander” umumy hasapda 4:3 öňe saýlandy we taryhyndaky 2-nji çempionlygyny baýram etdi. Olar mundan 46 ýyl ozal, ýagny 1979-njy ýylda “Siettl Supersonik” ady bilen çempionlyk gazanypdylar. Şunlukda, “Oklahoma Siti Tander” NBA-da 1-den köp çempionlyk gazanan 12-nji klub boldy. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň super ýyldyzy Şeý Gilžes-Aleksander 29 utuk, 12 ribaund 5 asist, şol sanda, Jalen Williams bolsa 20 utuk, 4 ribaund, 4 asist görkezijiler bilen çykyş etdiler. “Indiana Peýsersde” Bennedikt Maturin 24, Paskal Siakam 16, TJ MakKonnell, Andrýuw Nemhard dagy 15 utuklyk goşant goşdular.
“Indiana Peýsers” topary-da 25 ýyldan soň çykan finalynda 2-nji gezek hem ýeňiş ýeňiş gazanyp bilmedi. Häzirki wagtda NBA-da çykyş edýän toparlardan 5-sine şu wagta çenli çempionlyk gazanmak başartmady. “Finiks Sans” 3, “Ýuta Jazz”, “Bruklin Nets”, “Orlando Mäjik” hem-de “Indiana Peýsers” toparlary 2 gezek finala çyksa-da, ýeňiş gazanyp bilmediler.
“Oklahoma Siti Tanderiň” kanadaly ýyldyzy. Şeý Gilžes-Aleksander adaty möwsümden soň, final duşuşyklarynyň hem iň ökde oýunçysy baýragyny gazanmagy başardy.
NBA-da 2016-njy ýyldan soň ilkinji gezek çempion 7 duşuşygyň netijesinde belli boldy.
Günbatar Konferensiýany 68 ýeňiş bilen 1-nji orunda tamamlan “Oklahoma Siti Tander” topary pleý-offlary-da hasaba alanyňda 84 oýunda ýeňiş gazandy. “Oklahoma Siti Tander” topary bir möwsümde iň köp ýeňiş gazanan 3-nji topar boldy. Ondan öňde 88 ýeňiş bilen “Golden Steýt Warriors” (2015/16) bilen 87 ýeňişli “Çikago Bulls” (1995/96) toparlary bar.