Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da Gündogar Konferensiýanyň finalynda oýnajak toparlaryň 2-si hem belli boldy. 1-nji tapgyrda “Maýami Hiti” 4:0, ýarym finalda-da “Kliwlend Kawaliersi” 4:1 ýeňen “Indiana Peýsers” toparynyň finaldaky garşydaşy “Nýu Ýork Niks” topary hökmünde hasaba alyndy.
“Nýu Ýork Niks” 1-nji tapgyrda “Detroit Pistons” toparyndan 4:2 üstün çykypdy. Ýarym finalda-da 6 duşuşygyň netijesinde soňky çempion “Boston Seltiksi” ýene-de 4:2 hasap bilen ýaryşdan çykardy. Soňky duşuşykda öz meýdançasynda “Boston Seltiksi” 119:81 hasabynda ýeňen nýu ýorklular 25 ýyldan soň Gündogar Konferensiýanyň finalyna çykdy.
Geçen möwsümde-de konferensiýa finalyna çykan “Indiana Peýsers” bilen “Nýu Ýork Niksiň” arasyndaky duşuşyklara geljek hepdäniň penşenbe güni badalga berler.
Günbatar Konferensiýada-da bassyr 2-nji gezek finala adyny ýazdyran “Minnesota Timberwolwes” toparynyň bäsdeşi “Oklahoma Siti Tander” bilen “Denwer Naggetsiň” arasyndaky 7-nji duşuşykdan soň belli bolar.