Angliýanyň çempionatynda 5-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda, “Mersisaýd” derbisinde “Liwerpul” şäherdeşi “Ewertondan” 2-1 hasabynda üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Liwerpul” toparynyň gollaryny 10-njy minutda niderland ýarymgoragçy Grawenberh hem-de 29-njy minutda täze transfer Ekitike derwezä girizdi. Myhmanlardan Geýeniň 58-nji minutda geçiren goly ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, “Liwerpul” topary çempionatyň täze möwsüminde 5-nji duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, ýeke utuk ýitirmän ýoluny dowam edýär.

APL-de günüň iň esasy oýny “Mançester Ýunaýted”  bilen “Çelsiniň” arasynda, ertir bolsa tapgyryň merkezi duşuşygy “Arsenal” bilen “Mançester Sitiniň” arasynda geçiriler.