Beýik Britaniýaly zenan XVI asyrda italýan suratkeşi Antonio Solario tarapyndan çekilen “Madonna körpe bilen” atly kartinany Italiýanyň Belluno muzeýine gaýtaryp bermäge razy boldy. “The Guardian” gazetiniň habaryna görä, bu surat 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýitirilen diýlip hasap edilýärdi. 1872-nji ýylda bu surat Bellunonyň şäher muzeýi tarapyndan satyn alnyp, 1973-nji ýylda muzeýden ogurlanandan soň, Barbara de Doža atly britaniýaly zenana satylypdyr.
Zenan 60 müň funtdan 80 müň funt sterlinge çenli kartinanyň doly bahasyny almak isleýändigini aýtdy. Aklawçy alyjy tapmagyň mümkin däldigini, Italiýada bolsa suratyň konfiskasiýa ediljekdigini aýtdy. Netijede, Barbara de Doja suraty tölegsiz yzyna gaýtarmak kararyna geldi. “Ol adamzada bolan ynamymy gaýtaryp berdi” diýip, aklawjy aýtdy.