10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde guruljak 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, saglygy goraýyş işgärleri ýygnandylar. Bu ýerde aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady. “Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman ylmy-kliniki, bejeriş-anyklaýyş merkezlerini, şypahanalary, saglyk öýlerini, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys. Bu ugurda halkara bileleşik, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işleri amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanlyja ýyllaryň içinde Watanymyz dünýäniň iň ösen saglygy goraýyş ulgamly döwletleriniň hataryna goşuldy. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän saglyk merkezleri hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu desgalarda innowasion tehnologiýalaryň, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, türkmen hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmekleri ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, takyk anyklaýyş we bejergi işlerini geçirmäge, ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri açýar.
Soňra dabaranyň esasy pursatlaryna orun berildi: ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy. Şeýlelikde, desganyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi.
Bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin zerur şertler dörediler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy baradaky yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.