ABŞ-nyň telekommunikasiýa kompaniýalary «Intel» we «Google Cloud» 5G-de hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Bu barada «Intel»-iň metbugat üçin beýanatynda mälim edilýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda, esasan, operatorlara 5G bulut torlary, wirtuallaşdyrylan radio giriş ulgamy (RAN) üçin çözgütleri täzelemäge kömek etmek üçin täze synag gurşawynyň döredilmegidir. Gözleg ulgamy bolan «Google» «Alphabet» kompaniýasynyň bir bölegidir.