Internet aragatnaşygynyň 5-nji nesli (5G) dünýäde ilkinji gezek 2018-nji ýylda ABŞ-da guruldy. Soňra bolsa, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa we Hytaý ýaly Aziýa ýurtlarynda hem şeýle tehnologiýalar peýda boldy we Ýewropa ýurtlarynyň ählisi 5G tehnologiýasyny ornaşdyrdy. ABŞ-da 2026-njy ýylda 5G abonentleriniň sanynyň 200 milliona ýetmegine garaşylýar. Şeýlelikde, mobil ulanyjylaryň üçden ikisi aragatnaşygyň has ýokary tizlikli görnüşinden peýdalanar. Maglumatlara görä, Saud Arabystany Patyşalygynda iň ýokary 5G interneti hödürlenýär. 2027-nji ýyla çenli dünýädäki 5G ulanyjylarynyň sanynyň 4,5 milliarda ýetmegine garaşylýar.
Şasüleýman GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.