Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirilen “Seltik” – “Bawariýa” duşuşygyndan nemes kluby ýeňiş bilen dolandy. Münhen şäheriniň wekiline ýeňiş getiren gollary 45-nji minutda Maýkl Olise bilen 49-njy minutda Harri Keýn geçirdi. Ýer eýelerinden Daizen Maedanyň 79-njy minutdaky goly şotlandlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. “Bawariýanyň” ýyldyz hüjümçisi Harri Keýniň UEFA-nyň ýaryşlarynda geçiren gollarynyň sany 60-a ýetdi. Ol bu görkezijä ýeten ilkinji iňlis futbolçysy boldy.

Belgiýanyň “Klub Brýugge” topary öz meýdançasynda Italiýanyň “Atalanta” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň soňky minutlary hasam dartgynly boldy. Duşuşygyň türkiýeli emini Halil Umut Meleriň oýnuň soňky minutlarynda ýer eýeleriniň peýdasyna jedelli pursatda penalti bellemegi dartgynlygy has-da artdyrdy. Netijede, “Klub Brýugge” topary 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny 15-nji minutda Ferran Žudžla bilen 90+4-nji minutda penaltiden Gustaw Nilsson, myhmanlaryň ýeke-täk goluny bolsa 41-nji minutda Mario Paşaliç geçirdi.