Şweýsariýada auksiona çykarylan «Tyrannosaurus Rex» (T-Rex) dinozawrynyň skeleti 6,2 million dollara satyldy. Gadymy jandaryň galyndysyny ady mälim edilmedik ýewropaly kolleksiýaçynyň satyn alandygy habar berildi. Sýurihdäki «Koller» auksion öýi tarapyndan satuwa çykarylan dinozawryň uzynlygy 11,6 metre we beýikligi 3,9 metre barabar. Bilermenler bu galyndynyň iň gowy saklanyp galan dinozawr skeletidigini belleýärler. 293 bölekden ybaratdygy üçin oňa «293 Trinity» ady berlipdir. Bu skelet 2008-2013-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Montana we Waýoming ştatlarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan üç sany galyndynyň birleşdirilmegi bilen döredilipdir. Onuň böleklerinde galyplar hem bar.
«Tyrannosaurus Rex» dinozawry ýyrtyjy jandar bolupdyr. Mundan ozal Demirgazyk Amerikada tapylan beýleki iki dinozawr galyndylary 1997-nji we 2020-nji ýyllarda degişlilikde 8,4 million hem-de 31,8 million dollara satylypdy.
Merdan ATAÝEW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktory.
PDF









