Braziliýanyň meşhur klublaryndan “Fluminense” topary tälimçisini täzeledi. 62 ýaşyndaky braziliýaly Renato Gauşo toparyň täze tälimçisi wezipesine bellendi. Tejribeli hünärmen riolylar bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Gauşo 7-nji gezek “Fluminense” toparynyň tälimçisi boldy. Ol soňky gezek 2014-nji ýylda bu topary türgenleşdiripdi. Ilkinjisi 1996-njy ýylda wagtlaýynça bellenilen Gauşo soňlugy bilen 2002-nji ýylyň sentýabryndan 2003-nji ýylyň iýulyna çenli, 2003-nji ýylyň oktýabryndan dekabryna çenli, 2007-nji ýylyň aprelinden, 2008-nji ýylyň awgustyna çenli, 2009-njy ýylyň iýulyndan sentýabryna çenli hem-de soňky gezek 2013-nji ýylyň dekabryndan 2014-nji ýylyň apreline çenli aralyklarda “Fluminense” toparynyň tälimçisi wezipesinde işledi. Ol “Fluminense” toparyna tälimçi hökmünde diňe 1 kubok, 2007-nji ýylda Braziliýanyň Kubogyny gazandyrdy. Gauşo “Gremio” topary bilen Libertadores Kubogyny hem eýeläpdi.