Kino sungatynda dürli guramadyr akademiýalar tarapyndan berilýän baýrak gowşurylyş dabaralary ýokary depginde dowam edýär. Britan film akademiýasynyň, ýagny BAFTA baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. 78-nji BAFTA baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Londondaky “Royal Festival Hall”-da geçirilip, ony şotlandiýaly aktýor Dewid Tennant alyp bardy.

Dabarada iki kino öňe saýlanyp, “Konklaw” hem-de “Brutalist” filmleriniň hersi 4 baýrak gazandy. Iň gowy film baýragyna “Konklaw” kinosy mynasyp boldy. Birleşen Patyşalygyň filmi bolan bu filme germaniýaly Edward Berger režissýorlyk edýär. BAFTA-da iň gowy film saýlanan “Konklaw”, bu baýragy gazanmak bilen Oskaryň hem iň esasy dalaşgärleriniň birine öwrüldi. Oskar baýragynda iň gowy film ugry boýunça esasy göreşiň “Anora”, “Konklaw” hem-de “Brutalist” filmleriniň arasynda geçmegine garaşylýar. “Konklaw” filmi onuň edebi esasyny ýazan Piter Strohana iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragyny he m gazandyrdy. Şeýle-de, filmi kebşirlän Nik Emerson iň gowy montaž baýragy bilen sylaglandy. Bu ekran eseri 10 filmiň arasyndan iň gowy britan filmi diýlen ugurda-da BAFTA-nyň ýeňijisi hökmünde ykrar edildi. Filmde Watikanda täze Papanyň saýlanýan döwründe bolup geçýän wakalara barada söhbet açylýar.

“Brutalist” filmi-de dabaranyň 4 baýrakly beýleki kinosy bolup, ony surata düşüren Bredi Korbet iň gowy režissýor diýlip saýlandy. Filmde baş keşbi janlandyran Adrien Broudi iň gowy aktýor baýragy bilen sylaglandy. Filmiň esasy kameraçysy Lol Krawli iň gowy operator hem-de bu ekran eserinde ýaňlanýan sazlary döreden kompozitor Daniel Blumberg iň gowy saz baýragyna laýyk görüldi.

“Anora” filminde baş keşpde surata düşen Maýki Medison iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna degişlilikde, “Hakyky jepa” filmindäki keşbi üçin Kiran Kalkin hem-de “Emiliýa Peres” filmindäki keşbi üçin Zou Saldanýa mynasyp boldy. “Hakyky jepa” filminiň edebi esasyny ýazan, şol sanda filmiň režissýory Jessi Aýzenberg iň gowy asyl ssenariý baýragyna laýyk görüldi.

“Anora” filmi iň gowy kasting baýragyny hem gazandy.

“Wollas we Gromit: ar alyjylaryň ketegi” atly multfilm iň gowy animasiýa diýlip saýlandy. Britan animasiýasy BAFTA baýraklarynyň hataryna ilkinji gezek goşulan iň gowy maşgala filmi baýragynyň hem ýeňijisi boldy.

1970-80-nji ýyllardaky “Supermen” filmlerinde baş keşbi, Supermeniň keşbini janlandyran amerikaly aktýor Kristofer Riwiň başdan geçiren wakalary, agyr şikes almagy barada söhbet açýan  “Super/Man: The Christopher Reeve Story” atly ekran eseri iň gowy dokumental film diýlip saýlandy.

“Hyrsyz” filmi iň gowy grim hem-de çeperçilik bezegi baýraklaryna mynasyp görüldi. “Substansiýa” filmi iň gowy makiýaž we saç bezegi urgy boýunça ýeňiji boldy. “Dýuna: ikinji bölüm” filmi-de iň gowy ses hem-de iň gowy wizual effektler ugurlary boýunça BAFTA-nyň heýkeljikleriniň ýeňiji diýlip yglan edildi.

Demirgazyk Irlandiýanyň önümi bolan “Nikap” filmi iň gowy britaniýaly ssenariçiniň, režissýoryň ýa-da prodýusseriň ilkinji işi baýragyny eýeledi.