Dünýä çempionatyny juda şowsuz tamamlan Urugwaýyň milli ýygyndysynda tälimçi çalşyryldy. Tejribeli Marselo Bielso ähli jogapkärçiligi öz üstüne alyp, wezipesini taşlapdy. Ýurduň futbol federasiýasy onuň ornuna Urugwaýyň ozalky meşhur oýunçysy, ýyldyz hüjümçi Diego Forlany tälimçilige belledi. 47 ýaşyndaky hünärmen geljek ýylyň martyna çenli Urugwaýyň milli ýygyndysyna, şol bir wagtyň özünde U20 toparyna hem tälimçilik eder. Şol döwürde üstünlikli netijeler gazanylsa, tälimçiniň şertnamasynyň möhleti uzaldylar. Forlan ýurdunyň “Penýarol” hem-de “Atenas” toparlaryna-da tälimçilik edipdi.

Forlan futbolçy “Independiente”, “Mançester Ýunaýted”, “Wilýarreal”, “Atletiko”, “Inter”, “Internasional”, “Serezo Osaka”, “Penýarol”, “Mumbai Siti”, “Kitçi” ýaly klublarda oýnap, milli toparda 112 oýunda 36 gol geçirdi.