Her ýylyň 8-nji martynda aýal-gyzlaryň halkara baýramçylygy bellenilip geçilýär. 1975-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy 8-nji marty resmi taýdan Halkara zenanlar güni diýip yglan edýär. Aýal-gyzlaryň deňhukuklylygyny, erkinligini gorap saklamak maksady bilen döredilen bu halkara baýramçylyk dünýäde her ýyl bir şygar astynda geçirilýär. Bu ýyl Halkara zenanlar güni «Hukuklar. Adalatlylyk. Hereket. Ähli aýal-gyzlar üçin» diýen şygar astynda geçýär. Şu mynasybetli, 9-njy martda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda gender deňligini goldamak boýunça anyk we netijeli ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli halkara duşuşyk guralar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli BMG tarapyndan dünýäniň birnäçe ýurdunda konferensiýalar, köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Çykyşlarda gozgalýan esasy temalar aýal-gyzlaryň deňhukuklylygy, halkara guramalar bilen haýyr-sahawat edaralarynyň işinde zenanlaryň hukugy we orny, zenanlara jemgyýetde öz ornuny tapmagy hem-de ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin oňaýly şertleri döredip bermek bolup durýar.
Halkara zenanlar güni 100-den gowrak ýurtda bellenilýär. Baýramçylyk günleri ýurdumyzda hem birnäçe dabaralar, maslahatlar, baýramçylyk konsertleri guralýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary berilýär. Şeýle hem köp çagaly zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşany gowşurylýar.
Gadyrly gelin-gyzlar, mähriban eneler, 8-nji mart – Halkara zenanlar güni gutly bolsun!
PDF









