Dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biri bolan “Airbus” şu ýylyň dowamynda 820 uçar öndürmegi maksat edinýär. Ýewropa merkezli kompaniýa geçen ýyl 766 uçary täze eýelerine gowşurypdy. Şeýlelikde, bu ýylky önümçiligiň geçen ýylkydan 7 göterim ýokary bolmagyna garaşylýar.
2024-nji ýylda kompaniýa jemi 5,4 milliard ýewro girdeji alypdyr. Kompaniýanyň iň köp satylýan modeli “A320” hasaplanýar. Bu ýagdaýyň şeýle bolmagynda galjakdygy bellenilýär. A350 we A220 modelleriniň önümçiliginiň azalmagyna garaşylýar. Kompaniýa diňe ýolagçy uçarlaryny däl, eýsem ýük uçarlaryny hem öndürýär. Ýakyn geljekde “A350” ýük uçarynyň täzelenen görnüşiniň önümçiligine hem başlanjakdygy mälim edildi.
“Airbus”-yň merkezi edarasy Fransiýanyň Tuluza şäherinde bolup, köp bölegi Germaniýada hem öndürilýär. Kompaniýa ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýasy bilen bilelikde dünýäniň iň köp uçar öndürýän kompaniýasy hasaplanýar.

Selim Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.