Her ýyl 9-njy oktýabrda “Bütindünýä poçta güni” giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen “Ählumumy poçta bileleşiginiň” 16-njy gurultaýynda “Bütindünýä poçta gününi” bellemek baradaky kabul edilen karardan alyp gaýdýar. Şeýlelikde 1970-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýär. Bu senäniň saýlanylyp alynmagy bolsa 1874-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Ählumumy poçta bileleşiginiň” döredilmegi bilen baglanşyklydyr.