“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň mart-aprel aýlarynda dünýäniň 9 şäheri bilen halkara howa gatnawyny ýola goýýar. Awiakompaniýa Tailandyň Bangkok, Belarusyň Minsk, Hindistanyň Deli, Gazagystanyň Almaty, Russiýanyň Sankt-Peterburg, Türkiýäniň Ankara, Fransiýanyň Pariž, Koreýa Respublikasynyň Seul we Ýaponiýanyň Tokio şäherlerine halkara uçar gatnawlaryny ýola goýar.
Bu barada “Orient” neşiri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine salgylanyp habar berýär.
Şeýle hem şol bir wagtda ýük gatnawlarynyň ugurlary hem giňeldiler. Yzygiderli ýük gatnawlary Wýetnamyň Hanoý, Koreýa Respublikasynyň Seul we Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherleri bilen ýola goýlar.
Halkara ugurlar boýunça yzygiderli we adaty uçar gatnawlaryň ýola goýulmagy ilkinji nobatda dünýäde epidemiologik ýagdaýyň gowulanmagy bilen baglanyşyklydyr.