Italiýanyň Sisiliýa adasynda ýaşaýan Juzeppe Paterno ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan iň garry talyp boldy. 96 ýaşly bu ýaşuly Palermo uniwersitetiniň filosofiýa we taryhy öwreniş fakultetini tamamlady.
– Siziň hemmäňize sag bolsun aýdasym gelýär. Başga näme diýjegimi bilemok. Rektoryň özi meniň bilen duşuşar öýdemokdym, bu gaty garaşylmadyk ýagdaý – diýip, Juzeppe pikirini paýlaşdy. Palermo uniwersitetiniň rektory Fabrisio Mikari uniwersitetiň durmuşyndaky beýle möhüm wakany sypdyrasy gelmedi, şonuň üçinem ol gojany gutlamaga geldi. Ýeri gelende aýtsak, bu talyp diňe bir synaglardan üstünlikli geçmän, iň ýokary bal hem gazandy. Fabrisio Mikari öz çykyşynda bu gojanyň ýaşyna garamazdan, erjellik görkezendigini aýtdy.
– Ylham beriji bu waka, hyjuw bilen okuwa ýapyşýan her bir ýaş nesil üçin görelde bolmalydyr – diýip, rektor belledi.
Juzeppe Paterno 1923-nji ýylyň sentýabr aýynda dünýä indi. Dürli ýyllarda ýurtda bolup geçen köp sanly wakalara şaýat boldy. Paterno orta bilim şahadatnamasyny 31 ýaşynda aldy. Ol Italiýanyň döwlet demir ýollarynda işledi.