Ilkinji gezek soňky onýyllykda kömürden alynýan elektrik energiýasynyň möçberi dünýä derejesinde azaldy. Bu barada «Global Coal Plant Trackers» we «Global Energy Monitor» guramalaryna salgylanyp, Germaniýanyň «Deutsche Welle» teleradiokompaniýasy habar berdi.
2020-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda umumy kuwwaty 18,3 GW bolan kömür bilen işleýän elektrik stansiýalary işe girizildi. Şol bir wagtyň özünde kuwwaty 21 GW-den gowrak bolan elektrik stansiýalary ýapyldy. Kömürden elektrik energiýasynyň öndürilişiniň dünýäde pese gaçmagy esasan, Ýewropada bolup, ýylyň birinji ýarymynda bu mukdar 8,3 GW, ikinji ýarymynda bolsa 6 GW azaldy.
Şeýle-de, Günorta-Gündogar Aziýada kömür bilen işleýän täze elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi azalýar we bu ýagdaý geçen ýarym ýylda soňky 5 ýyldaky ýagdaýyň 70% töweregini düzýär. Ýöne daşky gurşawy goraýjylar Hytaýda kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň işiniň dowam edýändigini öňe sürýärler. Germaniýada iýul aýynda goňur we daş kömrüň 2038-nji ýyla çenli ulanylmagyny bes etmek barada kanun kabul edildi. Bu ýurtda kömürden ýüz öwrülmegi netijesinde, ykdysadyýeti zyýan çeken sebitlere ýardam bermek maksady bilen jemi 40 milliard ýewro bölünip berildi.