Dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan güýç­li 19 ýur­du­ny bir­leş­dir­ýän G20 gu­ra­ma­sy­na Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň he­mi­şe­lik ag­za bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. “Bloom­berg”-iň ha­ba­ry­na gö­rä, şu hep­de Hin­dis­tan­da ge­çi­ril­jek sam­mit­de Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne meň­zeş sta­tus bi­len G20-ä ag­za­ly­ga ka­bul edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
54 ag­za­sy bo­lan Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi hal­ka­ra gu­ra­ma­da yk­lym ýurt­la­ry­na we­kil­çi­lik eder. 1,2 mil­liard tö­we­re­gi ila­ty bo­lan Af­ri­ka­nyň ag­za bol­ma­gy bi­len ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň me­se­le­le­ri­ne has köp üns be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
1999-njy ýyl­da dö­re­di­len G20 to­pa­ry­na Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy taý­dan güýç­li 19 ýur­dy ag­za. To­par 2003-nji ýyl­dan bä­ri pre­zi­dent de­re­je­sin­de mas­la­hat ge­çir­ýär. Glo­bal je­mi içer­ki önü­miň 85 gö­te­ri­mi, hal­ka­ra söw­da­nyň 75 gö­te­ri­mi G20 ýurt­la­ry­na de­giş­li.