2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda NASA-nyň “Perseverance” marsohody şowly ýagdaýda Gyzyl planeta gonýar. Ululygy awtoulagyňka barabar bolan enjam 470 million kilometr ýol geçip, 7 aý töweregi wagtdan soň Marsa baryp ýetýär. Alty tigirli robotyň ýany bilen taryhda ilkinji gezek uçýan enjam – “Ingenuity” atly kiçijik dikuçar hem iberilýär. Marsyň Jezero kraterine gondurylan bu enjamlar Gyzyl planetany öwrenmekde we geljekde ol ýere adamly syýahatlary guramakda zerur boljak gymmatly maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär.
NASA ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda Marsa “Viking” atly enjamy iberipdi. Amerikan Aerokosmos edarasy 2012-nji ýylda Geýl kraterine “Curiosity” atly enjamy gondurypdy. “Perseverance” “Curiosity”-ä garanyňda has kämil kameralar, mikrofonlar, radarlar we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.