Müsüriň El-Alameýn şäherinde Hytaýyň goldawy bilen beýik binalaryň çylşyrymly taslamasy durmuşa geçirilýär. “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde Müsüriň El-Alameýn şäherinde “Alamein Downtown Towers” taslamasynyň esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanýar. Golaýda Hytaý Döwlet inžener-gurluşyk korporasiýasynyň Müsür bölümi tarapyndan gurulýan beýik gatly çylşyrymly taslamanyň çäginde D01 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hytaýyň Müsürdäki “CSCEC Egypt” kompaniýasy ýurduň “Egypt Vision 2030” atly durnukly ösüş strategiýasyna goşuldy. Müsüriň Täze şäher jemgyýetçilik guramasynyň başlygynyň orunbasary Abdel Moteleb Mamduh bu taslamanyň soňky iki ýylda çölüň giň ýerlerinde gökdiränleriň gurulmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
– Gurluşyk tamamlanandan soň, bu ýer El-Alameýniň merkezi etrabyna öwrüler. Hytaý we Müsür “Bir guşak, bir ýol” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde köp sanly taslamalary amala aşyrdy we geljekde ýene-de köp sanly taslamalar meýilleşdirilýär – diýip, Abdel Moteleb Mamduh belledi.
Müsüriň Ortaýer deňziniň kenaryndaky El-Alameýn şäherindäki “Alamein Downtown Towers” taslamasynyň umumy meýdany 1,09 million inedördül metre deň bolup, 300 metr beýik diňiň, dört sany 200 metrlik beýik binanyň we goşmaça söwda we şäher desgalarynyň gurluşygyny öz içine alýar.