Ummanlary öwreniji Doun Raýt, Mariana çöketliginiň düýbünden tapylan çüýşe barada gürrüň berdi. Ol 2022-nji ýylda Ýer togalagynyň iň çuň ýeri bolan “Çellenjer” gorpunda ýüze çykarylypdyr.
Doun Raýt iki adamlyk suwasty gämi bilen 10 kilometrden gowrak çuňluga düşüp, çöketligiň düýbünde ýatan piwo çüýşesiniň üstünden barýar. Gyzykly tarapy, çüýşäniň henizem etiket nyşanasy saklanyp galypdyr.
“Los Anjeles Taýms” gazetiniň habaryna görä, bu tapyndy adamlaryň Ýeriň ekoulgamlaryna ýetirýän çuňňur täsiriniň nyşanydyr.
-Bu tapyndy biziň adamzat hökmünde ummanlara we ýaşaýan ýerlerimize gowy çemeleşmelidigimiziň subutnamasydyr – diýip Doun Raýt belledi.
2019-njy ýylda Mariana çöketliginiň düýbünden plastik halta tapylandygy barada habar berilipdi. Plastiki galyndylary deňiz jandarlarynyň bedenine düşüp, iýmit zynjyrynyň bir bölegi bolup biljekdigi bellenilýär.