Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan klublary

89

UEFA Ýewropada geçen ýyl iň köp söwdadan girdeji gazanan 20 klubuň sanawyny mälim etdi. Sanaw klublaryň köýnekçe, kluba degişli beýleki sport esbaplarynyň satuwlaryndan hem-de köýnekçe hemaýatkärlerinden gelýän girdejiler esasynda düzüldi. Sanawyň başyny “Mançester Siti” çekýär. Topar umumylykda 401 million ýewro girdeji bilen 1-nji orny eýeledi. “Barselona” 396 million ýewro bilen 2-nji, 377 million ýewro bilenem “Mançester Ýunaýted” 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň daşyndan diňe “Aýaks”, “Fenerbahçe” hem-de “Seltik” klublary sanawa atlaryny ýazdyrmagy başarypdyrlar.

 

1 – “Mançester Siti”: 401 million ýewro

2 – “Barselona”: 396 million ýewro

3 – “Mançester Ýunaýted”: 377 million ýewro

4 – “Bayariýa”: 368 million ýewro

5 – “Real Madrid”: 355 million ýewro

6 – PSŽ: 343 million ýewro

7 – “Liwerpul”: 311 million ýewro

8 – “Tottenham:” 247 million ýewro

9 – “Borussiýa Dortmund”: 209 million ýewro

10 – “Arsenal”: 195 million ýewro

11 – “Ýuwentus”: 194 million ýewro

12 – “Leipsig”: 134 million ýewro

13 – “Milan”: 128 million ýewro

14 – “Atletiko Madrid”: 123 million ýewro

15 – “Aýaks”: 83 million ýewro

16 – “Inter”: 81 million ýewro

17 – “Napoli”: 59 million ýewro

18 – “Fenerbahçe”: 58 million ýewro

19 – “Union Berlin”: 57 million ýewro

20 – “Seltik”: 54 million ýewro