Somali şu ýylyň ahyryna çenli taryhda ilkinji gezek öz çäginde nebit çykaryp başlar. Bu barada Garowe web saýty Somaliniň Nebit we mineral serişdeler ministri Abdirizak Omar Muhammede salgylanyp habar berdi.
Bu Somali üçin taryhda ilkinji tejribe. Ilkinji nebitiň Galmudug, Günorta-Günbatar we Jubalend ştatlarynyň ýataklaryndan çykarylmagyna garaşylýar.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Somali Amerikanyň “Coastline Explorer” kompaniýasy bilen nebit gorlaryny ösdürmek barada şertnama baglaşdy.
Önümi paýlaşmak ýörelgesine esaslanýan şertnama “Coastline Explorer” kompaniýasyna ýedi deňiz blogynda nebit gözlemek hukugyny berýär. Geoseýsmik barlaglary Somalide 30 milliard barrele barabar nebit we tebigy gaz gorlarynyň bardygyny görkezdi.
Somali henize çenli nebit we gaz gözlegleri geçirilmedik Afrikadaky soňky ýurtlaryň biridir. 1950-nji ýyllarda “Shell”, “Eni” we “Chevron” ýaly iri nebit kompaniýalary Somalide nebit gözleglerini amala aşyrdylar. Birnäçe geljegi uly ýataklary ýüze çykardylar, ýöne ýurtdakly dartgynly ýagdaýlar uglewodorod çykarylmagyna giňden başlamaga mümkinçilik bermedi.
Somali Gündogar Afrika döwletidir. 2012-nji ýylda Mogadişudaky Konstitusiýa Assambleýasy Somalini federasiýa hökmünde kesgitleýän wagtlaýyn Konstitusiýa kabul etdi. Somali 1960-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan bäri BMG-nyň agzasydyr. 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Gündogar Afrika Bileleşiginiň agzasy. Häzirki wagta ýurtda 17 milliondan gowrak adam ýaşaýar.