2023-nji ýylda syýahatçylaryň Ýewropada gezelenç etmegi artyp, dördünji çärýekde bu yklymda syýahatçylyk akymlary pandemiýadan öňki derejesine ýetdi. Bu barada Syýahatçylyk boýunça Ýewropa komissiýasynyň (ETC) maglumatlaryna bellenilýär.
“2023-nji ýylyň soňky çärýeginde daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmeginiň sany 2019-njy ýyldakydan 1,6%, myhmanhanada gijelerine galmagyň sany bolsa, bary-ýogy 0,6% pes boldy. Bu tutuş Ýewropa boýunça gezelençlere bolan islegiň durnuklydygyny görkezýär. Bu tendensiýanyň 2024-nji ýylda hem saklanmagyna garaşylýar” diýlip, ETC-niň beýanatynda aýdylýar.
Komissiýada belleýişleri ýaly syýahatçylyk pudagynyň Ýewropa sebitinde işjeň gezelençleriň we Demirgazyk Amerikadan hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň hasabyna dikelýär. 2023-nji ýylda Germaniýadan, Fransiýadan we Niderlandlardan syýahatçylar Ýewropa has köp syýahat etdiler.
Komissiýanyň maglumatlaryna görä, Hytaýdan syýahatçylyk akymy pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldaky görkezijiden üçden bir dikeldildi. 2024-nji ýylda onuň pandemiýadan öňki görkezijiniň 61%-ine barabar bolmagyna garaşylýar.
Syýahatçylyk boýunça Ýewropa komissiýasynyň başlygy Migel Sansyň pikiriçe, 2023-nji ýylda syýahata bolan ýokary isleg Ýewropanyň ykdysady ösüşini ýokarlandyrdy. Bu bolsa, syýahatçylyk kompaniýalaryna koronawirus pandemiýasynyň täsirinden gutulmagyna kömek etdi. Syýahatçylyk akymlarynyň dikelmegine ösüşler we durnukly syýahatçylyga geçiş hem täsir edýär.