Halkara kit güni hem diýilýän bu sene 1986-njy ýylda döredildi. Daşky gurşawy goramaga bagyşlanan bu sene diňe kitler üçin däl, eýsem ähli deňiz süýdemdirijileri we planetamyzyň deňizlerinde we ummanlarynda ýaşaýan dürli janly-jandarlar üçin gorag güni hasaplanýar. Bu sene Halkara kit komissiýasy (International Whaling Commission, IWC) tarapyndan 1986-njy ýylyň 19-njy fewralynda kitiň moratoriýasy güýje giren wagtynda döredilýär. Bu moratoriýa häzirem hereket edýär we kit awynyň, şeýle hem kit etiniň söwdasynyň bütin dünýäde gadagan edilendigini aňladýar. Häzirki wagtda kitleri awlamaga diňe kenar ýakalarda ýaşaýan, ozaldan bäri kit awlamak däbi bolan ýerli ilatyň (aborigenler hem diýilýär) zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hem-de ylmy maksatlarda peýdalanmak üçin IWC-a agza hökümetleriň ýörite rugsady bilen berilýär. Kitler we beýleki deňiz süýdemdirijileri diňe ummanlaryň däl, gury ýeriň tebigatyna hem örän uly täsir edip, dünýäde daşky gurşawyň kadaly bolmagyna uly goşant goşýar.