Gündogar senenamasynda Täze ýyl hökmünde bellenilýän Bahar baýramy Hytaýda uly dabara bilen geçirilýär. Bu mynasybetli ýurtda dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bahar baýramynda öýünden uzakda okaýan ýa-da işleýän adamlar maşgala agzalarynyň ýanyna gidýärler. Dünýäniň ikinji köp ilatly ýurdunda bu ýagdaý şäherara gatnawyň gysga wagtda artmagyna getirýär. Şeýle hem bu döwür syýahatçylygyň iň ösýän döwri hasaplanýar. Şu ýylky Bahar baýramyndan bolsa, ýurtda syýahatçylyk hereketi we girdejileri pandemiýadan ozalky döwründäkiden hem ýokary boldy. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň berýän maglumatyna görä, sekiz gün dowam eden baýramçylyk günlerinde içerki syýahat geçen ýyldakydan 34,3 göterim ýokary bolup, 474 million adam syýahat edipdir. Maglumatlar ýerli syýahatçylaryň dynç alyş üçin geçen ýyldakydan 47,3 göterim has köp pul sowup, 632,7 milliard ýuan (87,95 milliard amerikan dollary) sarp edendigini görkezýär. Bu iki görkezijiniň hem 2019-njy ýyldakydan ýokarydygy mälim edildi.
Baýramçylyk günlerinde halkara ýolagçy gatnawy bolsa, 2,8 göterim köpelip, ýurda gelen we giden ýolagçylaryň sany 13,52 million bolupdyr.
Süleýman Orazow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.