Adamzat geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmosa dürli ululykda enjamlary uçurýar. Olaryň käbiri yzyna – Ýere gaýdyp gelen hem bolsa, hatardan çykanlarynyň köpüsi asman giňişliginde öz ugruny aýlanmagyny dowam etdirýär. Bu bolsa, beýleki emele hemralar üçin howp döredýär. Hatardan çykan emeli hemralary ýygnamak üçin dürli taslamalar taýýarlanan hem bolsa, entek olardan degerli netije alnany ýok. Ýaponiýa bolsa, käbir bölekleri agaçdan ýasalan emeli hemrany kosmosa uçurmagyň aladasyny edýär. Şu ýylyň tomsunda orbita çykaryljak emeli hemra kosmosdaky ownuk alýumin bölejikleri bilen göreşmek maksady bilen işlenip taýýarlandy. Kiçi göwrümli emeli hemra Halkara Kosmos Bekedinde geçirilen synaglarda berkligi we çat açmaga garşy durujylygy ýokarydygy anyklanan magnoliýa agajyndan ýasalypdyr. Amerikan göteriji raketasy bilen uçuryljak emeli hemrany Kýoto uniwersitetiniň hem-de “Sumitomo Forestry” agaç önümleri kompaniýasynyň hünärmenleri işläp taýýarlapdyr. Bilermenler wagtyň geçmegi bilen biologiýa babatda çüýreýän agajy emeli hemra ýasamakda ulanyp boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny anyklamak isleýärler.
Kýoto uniwersitetinde işleýän awiasiýa inženeri Takao Doi ulanyş möhleti gutaran emeli hemralaryň köpüsiniň Ýeriň atmosferasyna girende ýanýandygyny we maýdajyk alýumin bölejiklerine öwrülýändigini, şol alýumin bölejikleriniň atmosferanyň ýokarky gatlagynda galýandygyny belläp, şolaryň ahyrsoňy Ýeriň töweregine täsir edip biljekdigine ünsi çekýär.
Taslama ýolbaşçylyk edýän Koji Murata agajyň kosmos şertlerindäki çydamlylygynyň haýran galdyryjydygyny belleýär. Koji Halkara Kosmos Bekedinde bir ýyllap synagdan geçirilen agaç böleginiň örän az zaýalanandygyny, munuň sebäbiniň bolsa, ol ýerde agajyň ýanmagyna sebäp bolup biljek kislorodyň we çüýremegine getirjek jandarlaryň ýokdugy bilen bagly bolup biljekdigini belledi.