Amerikan Milli basketbol ligasy NBA-da ýyldyzlaryň şüweleňi “All Star”-da taryhy rekord hasaba alyndy. Indianapolis şäherindäki “Gainbridge Fieldhouse” stadionynda geçirilen 73-nji “NBA All Star” duşuşygynda Gündogar Konferensiýanyň ýyldyzlary Günbatar Konferensiýanyň ýyldyzlaryny 211:186 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňiş gazanan Gündogar Konferensiýanyň düzüminde Damian Lillard 39, Jeýlen Brawn 36, Taýris Haliberton 32 utuk geçirdi. Günbatar Konferensiýanyň düzüminde-de Karl-Antono Tawnsyň 50, Şeý Giljes-Aleksanderiň 31 utugy ýeňşe ýetmedi. Ol “All Star”-da 50 utuk geçiren 4-nji basketbolçy boldy.
Duşuşykdan 2017-nji ýyldan soň ilkinji gezek öňki usulda – Gündogar we Günbatar Konferensiýalar formatynda geçirildi. 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli “All Star” duşuşyklary Günbatar Konferensiýasy Jeýmsiň topary, Gündogar Konferensiýasy bolsa, Körriniň, Durantyň we Ýannisiň toparlary ady bilen geçirilipdi.
Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip (MVP), Damian Lillard saýlandy. Ol Kobe Braýntyň adyny göterýän baýraga mynasyp boldy.
Duşuşyk bir toparyň iň köp utuk (211), şeýle-de bilelikde iň köp (397) geçirilen “All Star” duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de 67 sany 3 utuklyk geçirilip, bu görkeziji hem rekorda deň boldy. 1-nji ýarymda geçirilen 193 utuk hem rekord bolup, geçen ýylky “All Star”-da toparlar 191 utuk geçiripdi.
Duşuşykda Dok Riwersiň tälimçiligindäki Günbatar Konferensiýasy Taýris Haliberton, Damian Lillard, Ýannis Adetokunbo (Antetokunmpo), Jeýson Tatum hem-de Bam Adebaýo, Gündogar Konferensiýasy bolsa tälimçi Kris Finçiň ýolbaşçylygynda LeBron Jeýms, Şeý Giljes-Aleksander, Kewin Durant, Nikola Ýokiç hem-de Luka Donçiç esasy düzümde çykyş etdiler. LeBron Jeýms 20-nji gezek “All Star”-a saýlanyp, bu ugurda Karim Abdul Jabbaryň rekordyny täzeledi. 39 ýaşyndaky super ýyldyz 14 minut çykyş eden duşuşygyny 8 utuk bilen tamamlady.
74-nji “NBA All Star” geljek ýyl Kaliforniýanyň San Fransisko şäherinde geçiriler.