Woleýbol boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen Ýewropa çempionatynda Türkiýäniň ýygyndysy çempion boldy. Final tapgyry Stambulda geçirilen ýaryşa 24 ýygyndy gatnaşdy. Finalda Türkiýe bilen häzirki wagtda sanawyň birinjisi Italiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşygyň 1-nji setinde italýanlar 25:16 hasabynda üstün çykdy. 2-nji setde türkler 25:22 hasap bilen ýeňiş gazandy. 3-nji setde italýanlara ýeňiş gazanmak ýeňil düşdi (25:12). Çekeleşikli geçen 4-nji setde Türkiýäniň ýygyndysy 25:21 üstün çykyp, umumy hasaby deňledi. Ýeňijini taý-brek kesgitläp, 5-nji setde 15:10 hasabynda ýeňiş gazanan Türkiýäniň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek yklymyň çempiony bolmagy başardy. Türkiýäniň ýygyndysy 2023-nji ýylda-da finalda Serbiýany ýeňip, ilkinji çempionlygyny gazanypdy.

Türkiýäniň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda 2 gezek çempionlyk gazanan 6-njy topar boldy. Bu olaryň 7-nji medaly bolup, Türkiýäniň ýygyndysy 2003-nji we 2019-njy ýyllarda 2-nji, 2017-nji hem-de 2021-nji ýyllarda 3-nji orny eýeläpdi. Türkiýäniň ýygyndysy soňky 6 ýaryşda-da ýarym finala çykmagy başardy.

Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda Serbiýanyň ýygyndysy Polşanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, türkiýäniň çempionlygyn uly goşant goşan Melissa Wargas saýlandy. Ol geçen çempionatda-da bu baýraga mynasyp bolupdy. Ol çempionatda 195 utuk bilen çykyş edip, şwesiýaly Isabelle Haakdan soň (247) 2-nji orny eýeledi.

34-nji gezek guralan Ýewropa çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry Türkiýäniň Stambul, Azerbaýjanyň Baku, Şwesiýanyň Gýotenburg hem-de Çehiýanyň Brno şäherlerinde, utulan-çykdy oýunlary bolsa Stambulda geçirildi. Ýewropa çempionatynda Russiýanyň ýygyndysy 19 çempionlyk (14-si ozalky SSSR-e degişli) bilen ep-esli öňde barýar. Italiýa (2007, 2009, 2021) Serbiýa (2011, 2015, 2017) 3, Polşadyr (2003, 2005) ozalky Gündogar Germaniýa (1983, 1987) hem-de Türkiýe (2023, 2026) 2, Çehiýa (1955), Niderlandlar (1995), Bolgariýa (1981) 1 gezek çempionlyk gazandy.

Täze düzgüne laýyklykda, Ýewropa çempionaty şu ýyldan başlap, mundan soň jübüt ýyllarda her 2 ýyldan bir gezek geçiriler. Täk ýyllarda bolsa her 2 ýyldan Dünýä çempionaty guralar. Indiki Ýewropa çempionaty 2028-nji ýylda Ispaniýadyr Slowakiýada geçiriler.